Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Meniň gurbanlyk sypama basgançaklar bilen çykmaň, sebäbi ýalaňaç ýeriňiziň görünmegi mümkin“». Çyra Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daş ýüzünde ýanyp dursun. Harun we onuň ogullary çyrany Rebbiň huzurynda ertirden agşama çenli ýaksynlar. Bu ysraýyllar üçin nesilme-nesil dowam etjek ebedilik düzgün bolsun. Ysraýyl halky mundan beýläk Rebbe ikilik edip, gurbanlyklaryny but erkeçlerine hödür etmesinler. Bu olara nesilden-nesle ebedilik düzgün bolsun“. Öz daýzaň ýa-da ejekeň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki beýle etmek bilen sen özüňi namysa goýýansyň. Olaryň ikisine-de jeza berilmelidir. Gelnejesi bilen jyns gatnaşygyny eden adam agasyny namysa goýýandyr. Bular öz jezalaryny çekip, dünýäden perzentsiz öterler.
Выбор основного перевода