4
Olaryň tikjek geýimleri şulardan ybarat: gursakça, efot, don, nagyşly uzyn köýnek, selle we guşak. Agaň Harunyň we onuň ogullarynyň Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, bu ruhany geýimleri tikeniňizde,
Ukyply ökde ussalar efody altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tiksinler.
Inçe nagyşlar bilen höküm gursakçasyny tik. Ony efot ýaly edip, altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tik.
Efodyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tik.
Nepis zygyr matadan nagyşly uzyn köýnek we selle tik. Nagyşlar bilen keşdelenen bil guşagyny hem tik.