Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Musa elini deňze tarap uzatdy welin, daňdan deňziň suwy öňki akymyna öwrüldi. Müsürliler ondan gaçyp çykmaga dyrjaşdylar, emma Reb müsürlileri deňziň ortasyna eltip taşlady. «Eý, Ýeşurun, saňa kömek etmek üçin asmandan uçýan, bulutlar arasyndan gudrat görkezýän, seniň Hudaýyňa taý geljek ýokdur. Sen gazabyňda ýok et olary, tä tükenýänçäler ýok et olary. Goý, mälim bolsun: Hudaý Ysraýylyň we tutuş ýer ýüzüniň Hojaýynydyr. Sela Olaryň üstlerine iberdi, Öz gaharynyň howruny, gazaby, dergazaby hem-de belany – gyrýan perişdeleriň bir toparyny. Ol ýol berdi Öz gazabyna: ölümden goramady olaň janyny, mergä berdi ömürlerini.
Выбор основного перевода