Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Faraon hem oňa: «Ertir dileg edäý» diýdi. Musa oňa: «Goý, seniň aýdyşyň ýaly bolsun! Çünki sen biziň Hudaýymyz Reb ýaly başga hiç kimiň ýokdugyny bilersiň. „Ýa Hökmürowan Reb, Sen Öz beýikligiňi we gudratyňy guluňa ýaňy görkezip başladyň. Ýerde we gökde haýsy hudaý Seniňki ýaly işleri we gudratlary amala aşyryp biler! Eý, Hökmürowan Reb, Sen beýiksiň! Saňa taý geljek ýokdur, Senden başga Hudaý ýok! Muny öz gulaklarymyz bilen eşitdik. «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, ýerde-de, gökde-de Seniň ýaly Hudaý ýokdur! Bütin kalplary bilen ýoluňdan ýöreýän gullaryň üçin Sen ähtiňi, sadyk söýgiňi saklaýarsyň. Eý, Rebden gorkýanlar, Ony alkyşlaň! Eý, Ýakubyň ähli zürýady, Ony şöhratlandyryň! Eý, Ysraýylyň bar neberesi, Onuň öňünde galpyldaň! Ysraýyl Hudaýyna, Rebbe alkyşlar bolsun! Gudratlary diňe Ol edýär. Sen gudratlary edýän Hudaýsyň, Sen halklar arasynda güýjüňi aýan edensiň. Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur, Seniň işleriňe taý geljek ýokdur. Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr». Saňa meňzeş ýokdur, ýa Reb. Sen beýiksiň, gudratda adyň beýikdir. Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.
Выбор основного перевода