Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin. Ýary gije Reb Müsüriň ähli nowbahar ogullaryny öldürip çykdy. Tagtda oturan faraonyň nowbahar oglundan başlap, zyndanda oturan bendiniň nowbahar ogluna çenli öldürdi, şeýle-de, mallaryň hem ähli ilkinji guzlanlaryny öldürdi. Müsürde heläkledi ähli nowbaharlary – Hamyň çadyrlaryndaky ilkinji zürýatlary. Reb öldürdi Müsürdäki nowbaharlary – bar güýç-kuwwatlary bolan ilkinji zürýatlaryny. Ol Müsürde ynsanlaryň we haýwanlaryň ilkinji doglanlaryny öldürdi. Hökümde erbediň tarapynda bolup, dogruçyly haksyz çykarmak dürs däldir.
Выбор основного перевода