Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyllar Müsürden çykanlarynda, Men müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly ederin. Ysraýyllar ol ýerden elleri boş çykmazlar. Reb hem müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Olar ysraýyllaryň soran zatlaryny berdiler. Şeýdip, ysraýyllar müsürlileriň baýlygyny talap gaýtdylar. Şondan soň, Ysraýyldan Musa ýaly Reb bilen ýüzbe-ýüz görşen başga bir pygamber çykmady. Reb ony Müsürde faraona, onuň ähli gullaryna we tutuş ýurduna bir topar alamatlar we mugjyzalar görkezmek üçin iberipdi. Çünki tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda Musa ýaly bu ähli gudratlary, beýik we gorkunç işleri ýerine ýetiren başga hiç kim ýokdy.
Выбор основного перевода