Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gelerler. Bu Rebbiň yhlasy bilen amala aşar“». „Ebedi berkarar ederin seniň nesliňi, nesillerboýy bina ederin seniň tagtyňy“». Sela Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer. Dogrulyk hem sadyklyk guşak bolar biline. Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gelerler. Bu Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar“». Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder. Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar. Ol beýik bolar, Oňa Beýik Hudaýyň Ogly diýler. Taňry Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň nesliniň üstünden ebedilik şalyk sürer, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi.
Выбор основного перевода