Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gidegon bilen ýüz adam ýarygijäniň öň ýany, sakçylaryň ýaňy çalşylan wagty, düşelgäniň bir ujundan geldiler-de, surnaýlaryny çalyp, ellerindäki küýzelerini döwdüler. Üç bölümdäkileriň hemmesi-de surnaýlaryny çalyp, küýzelerini döwdüler. Çep elinde çyrany saklap, sag elinde surnaý çaldylar hem-de: «Reb üçin, Gidegon üçin söweşe çykalyň!» diýip gygyryşdylar. Her biri düşelgäniň töwereginde öz orunlarynda durdular: tutuş düşelgedäkileriň hemmesi ylgaşdylar, gygyryşdylar we gaçyp başladylar. Üç ýüz adamyň surnaý çalan wagtyndan başlap, Rebbiň emri bilen düşelgedäki midýanlar biri-birini gylyçlap öldürdiler. Midýanlaryň goşuny Serera tarap Beýtşitta çenli, Tabadyň golaýyndaky Abelmeholanyň serhedine gaçdy. Naftalylaryň, aşerleriň tiresinden hem-de manaşalaryň ähli kowumlaryndan bolan ysraýyllar çagyryldylar. Olar midýanlaryň yzyndan kowaladylar. Soňra Gidegon tutuş Efraýym daglygynda ýaşaýanlara öz habarçylaryny ýollap: «Geliň, midýanlaryň garşysyna söweşiň. Midýanlara üstünden geçmäge ýol bermez ýaly, Iordan derýasyny we Beýtbara çenli bolan suw çeşmelerini eýeläň» diýdi. Hemme efraýymlar çagyryldy, olar Beýtbara çenli çeşmeleri we Iordan derýasyny eýelediler. Midýanlaryň iki baştutanyny: Orebi we Zeýebi ele saldylar. Orebi Orep gaýasynda, Zeýebi bolsa üzüm sykylýan ýerde öldürdiler (soňra ol ýer Zeýep diýlip atlandyrylypdyr). Efraýymlar midýanlaryň yzyndan kowdular. Orep bilen Zeýebiň kellesini kesip, Iordanyň gündogarynda bolýan Gidegona eltip berdiler. Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym! Orep gaýasynda midýanlary weýran edişi kimin, Hökmürowan Reb olara garşy gamçy galdyrar. Hasasyny Müsürde ýokary galdyryşy kimin deňziň üstüne uzadar. Şol gün aşurlylaryň ýüki siziň gerşiňizden, boýuntyrygy siziň boýnuňyzdan aýrylar; semizligiňizden ýaňa boýuntyryk döwler». Babyl patyşasyna şu tymsaly aýdarsyňyz: «Ine, zulumkeşiň soňy geldi! Onuň tekepbirligi tamam boldy! Reb pisleriň taýagyny, hökümdarlaryň hasasyny döwdi. Sizi Aşuryň boýuntyrygyndan azat ederin, gandallaryňyzy kesip taşlaryn».
Выбор основного перевода