Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady. Müdimi harabalyklara howluk-da, sal Sen nazary – duşman weýran etdi mukaddes öýüňdäki ähli zatlary. Ybadat öýünde duşmanlaryň arlap gygyrdy, olar nyşanlaryny şol ýerde dikdi. Olar göýä gür agaçlyga paltalary aýlap salýan kişiniň keşbindediler. Indi bolsa ähli haşamlaryny bir pursadyň içinde palta, çekiç bilen parçaladylar. Mukaddes öýüňi oda ýakdylar, Seniň mesgeniňi haramladylar, ony ýer bilen ýegsan etdiler. Eý, halkym, taglymatyma dykgat ber, meniň sözlerime gulak goý.
Выбор основного перевода