Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa şeýle diýdi: «Bu halk haçana çenli Meni äsgermän gezjekkä? Aralarynda görkezen ähli alamatlarymy görübem, bular haçana çenli Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar? Ýöne şonda-da Oňa garşy günä etmegi, çölde Beýik Hudaý garşy baş götermegi, dowam etdiler. Näçe gezek çölde Oňa garşy baş galdyrdylar, sährada Ony gamlandyrdylar! Olar bolsa heniz-de Beýik Hudaýy synaýardylar, Oňa garşy baş galdyrýardylar, parzlaryny berjaý etmeýärdiler. Dänip, atalary dek biwepadylar, ähtibarsyz keman kimin ynamsyzdylar. Reb Öz halkyna garşy gazaba mündi, saýlap-seçen halkyny Ol ýigrenç saýdy. Ýöne olar Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar, Meni diňlemek islemediler; olaryň hiç biri gözlerine ýakymly görünýän nejis zatlaryny taşlamady, Müsür butlaryny-da terk etmedi. Onsoň Men gahar-gazabymy Müsürde olaryň başyndan inderjekdigimi aýtdym. Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz. Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Çünki Mukaddes Ruh siziň Hudaýa degişlidigiňiziň hem-de gutulyş güni azat edilmegiňiziň kepilnamasydyr.
Выбор основного перевода