Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Seniň bendeleriň onuň daşlaryny eziz görýärler, onuň weýranlygyna haýpy gelýärler. Ýurduňda mundan beýläk zorluk, serhetleriň içinde weýrançylyk, gyrgynçylyk bolmaz; Hudaý halas edýär, alkyş bolsun Hudaýa. Dünýädäki hemme milletler olara etjek ähli ýagşylyklarymy eşiderler. Bu şäher olaryň öňünde Meniň üçin at-abraý, şatlyk, öwgi hem şöhrat bolar. Ähli milletler Iýerusalimiň halkyna eden ýagşylyklarym we eçilen parahatlygym sebäpli gorkup titreşerler“. Şol wagt Men sizi toplap, öz ýurduňyza getirerin, çünki Men gözüňiziň alnynda öňki abadançylygyňyzy dikeldip, dünýäniň bütin halklarynyň arasynda size at-abraý we şan-şöhrat gazandyraryn». Isa ol ýerden çykyp, Sur we Sidon şäherleriniň töweregine gitdi. Ol ýerde bir kengan aýaly Isanyň ýanyna gelip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et! Gyzymy arwah-jyn eýeledi, ol erbet ejir çekýär» diýdi. Emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi. Şonda şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Ony ugrat, ýogsam yzymyzdan galman gygyryp gelýär» diýip haýyş etdiler. Isa hem: «Men diňe ysraýyl halkynyň azaşan goýunlaryna iberildim» diýip jogap berdi. Emma ol aýal ýene-de Isanyň golaýyna gelip, dyza çökdi-de: «Agam, maňa kömek et» diýip ýalbardy. Isa oňa: «Çagalaryň çöregini alyp, itlere zyňmak dogry däldir» diýdi. Aýal hem: «Hawa, Agam! Ýöne itler hem saçak başynda dökülen çörek owuntyklaryndan iýýändir» diýdi. Şonda Isa oňa: «Eý, zenan, seniň imanyň beýik! Saňa isleýşiň ýaly bolsun!» diýdi. Ol aýalyň gyzy şol sagadyň özünde sagaldy. Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi: «Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan bir kazy bar eken. Ol kazy adamlary äsgermeýän eken. Şol şäherde bir dul aýal hem bar eken. Ol üznüksiz kazynyň ýanyna gatnap: „Dawagärimden meniň hakymy alyp ber“ diýip ýalbarypdyr. Kazy birnäçe wagtlap muny etmändir. Ahyrsoňy ol öz-özüne: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de, dyngysyz gelip, meni bizar etmez ýaly, bu dul aýalyň hakyny alyp bereýin. Indi bir gelip, meniň gulak etimi guratmasyn“ diýýär». Reb Isa ýene sözüni dowam etdi: «Adalatsyz kazynyň näme aýdanyna gulak asyň. Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy? Size şuny aýdýaryn: olaryň hakyny tiz alyp berer. Ýöne Ynsan Ogly gelende, ýeriň ýüzünde imanly adam taparmyka?»
Выбор основного перевода