Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýatla Sen gadymdan Özüň üçin saýlan halkyňy – Özüňe taýpa edinmek üçin azat edenleriňi, ýatla Sen mesgen tutunan Sion dagyňy. Ilki Siona: „Ine, olar!“ diýip aýan etdim, Iýerusalime habarçy ýolladym. Diňläň! Garawullaryň seslerini gataldýar, şatlanyp, bile aýdym aýdýarlar; Rebbiň Siona gaýdyp gelşini öz gözleri bilen görerler olar. Men siziň üstüňizden gözegçi goýup: „Surnaýyň sesine gulak asyň!“ diýdim. Emma olar: „Gulak asmarys“ diýdiler. Çünki Meniň gözlerim olaryň edýän pis işlerindedir. Olar Meniň huzurymdan gizlenip bilmez, etmişleri nazarymdan sypmaz. «Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi belledim. Meniň her bir aýdýan sözümi diňle-de, Menden olara duýduryş ber.
Выбор основного перевода