Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin. Ahaz Ysraýyl patyşalarynyň ýoly bilen ýöräp, Rebbiň ysraýyllaryň ýurdundan kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogluny otdan geçirdi. Ol seždegählerde, baýyrlyklarda we gür ýaprakly her bir agajyň astynda gurbanlyk berýärdi, ýakymly ysly tütetgi tütedýärdi. Höwes eden keramatly agaçlaryňyz üçin utanarsyňyz, saýlan baglaryňyz üçin ýüzüňiz gyzarar. Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp. Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi. Meniň üçin dogran ogullaryňy we gyzlaryňy alyp, iýmit hökmünde butlara gurban etdiň. Hamala, zynagärligiň az ýalydy! Çagalarymy öldürdiň, olary oda ýakyp, butlara gurban berdiň. Ähli nejis işleriňde, zynagärligiňde ýaşlyk günleriňi, alaň-açyk we ýalaňaç bolup, ganyňa bulaşan wagtyňy ýatlamadyň“». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Waý halyňa! Seniň halyňa waý! Ähli pislikleriňden soň, her bir açyk meýdançada özüňe çadyr we seždegäh saldyň.
Выбор основного перевода