Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Pisleriň yşygy sönýär, ot ýalynlary parlamaýar. Çadyryndaky nur garaňkylyga öwrülýär, depelerindäki çyrasy sönýär. Gadamlarynyň bady gowşaýar, öz işleri ýykýar olary. Öz aýaklary bilen tora düşýärler, özleri garyma ýykylýarlar. Aýagy gapana düşýär, olary duzak gapjaýar. Olar üçin ýere syrtmak çekilýär, ýollaryna duzak gurulýar. Çar tarapdan howp abanýar olara, howp olaryň söbügine düşýär. Güýç-kuwwat galmaz açlykdan ýaňa, ýanlaryndan betbagtçylyk aýrylmaz. Derilerini dert iýýär, el-aýaklaryny ölüm ýuwudýar. Ynam eden çadyryndan alnyp gidilip, howplar şasynyň ýanyna getirilýär. Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar.
Выбор основного перевода