Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýeşuwanyň ýanyna getirdiler. Ýeşuwa ähli ysraýyllary çagyryp, özi bilen bile söweşen goşun ýolbaşçylaryna: «Öňe çykyň we aýaklaryňyzy bu hanlaryň boýnuna goýuň!» diýdi. Olar aýdylyşy ýaly etdiler. Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler. Sürümçiler meniň arkamy sürdüler, olar uzyn keşlerini çekdiler». Halkyma gaharlandym, mirasymy harlap, seniň eliňe berdim; sen olara rehim etmediň; hatda gojalara-da agyr boýuntyryk atdyň. Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler». Üstüňdäki tozany kak-da, gal, eý, Iýerusalim, tagtda otur. Boýnuňdaky zynjyry üz, eý, Sion, ýesir gyz! Onsoň men käsäni Rebbiň elinden aldym, ony Rebbiň meni iberen ähli milletlerine içirdim. demirgazygyň ýakynu-uzak patyşalarynyň hemmesine we ýer ýüzündäki ähli patyşalyklara nobatma-nobat içirdim. Iň soňky bolup ondan Şeşak patyşasy içjekdir. Eger olar eliňdäki käsäni alman, içmekden ýüz öwräýseler, olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Hökman içersiňiz!
Выбор основного перевода