Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn. Munuň üçin Ol lowlaýan gazabyny, zalym urşy üstlerinden inderdi; olary hemme tarapdan otlady, emma olar şonda-da düşünmediler, olary ýakdy, ýöne üns bermediler. Çünki Reb alaw bilen gelýär, söweş arabalary tüweleý dek, lowlaýan gazabyny, käýinjini ýalynly alaw kimin döker. Gözlerim ýaş dökmekden küteldi, içim ýanýar. Eziz halkymyň weýrançylygy zerarly gara bagrym gan bolýar, çünki şäheriň köçelerinde çagalardyr bäbekler mejalsyz ýykylýar. Şäher köçelerinde ýaralanan dek huşuny ýitirýärler. «Hany çörek we şerap?» diýip, ejelerine perýat edýärler. Olaryň gujagynda jan berýärkä.
Выбор основного перевода