Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýaşamak üçin Müsüre giden ýahudalylaryň aman galanlarynyň hiç biri-de gaçyp gutulmaz, diri galyp, Ýahuda ýurduna dolanyp barmaz. Ol ýere dolanyp barmagy näçe isleseler-de, ol ýerden gaçanlaryň diňe käbiri dolanyp barar“». Onsoň aýallarynyň başga hudaýlara tütetgi ýakýanyny bilýän ähli erkekler, ol ýerde duran ähli aýallar, uly jemagat – Müsür ýurdundaky Patrosda ýaşaýan tutuş halk Ýermeýa şeýle jogap berdiler: «Biz seniň Rebbiň adyndan aýdýan sözleriňe gulak asmarys. Tersine, biz ähli zady öz eden kasamymyza laýyk ederis. Asman melikesine tütetgi ýakarys we oňa içgi sadakasyny hödürläris. Biziň özümiz, ata-babalarymyz, patyşalarymyz we ýolbaşçylarymyz Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde näme eden bolsak, şony hem ederis. Şol döwürde biz bolelin iýip-içerdik, gülläp öserdik, ýamanlyk garasyny görmezdik. Bu halk dikdüşdi we tekepbirdir. Men seni olaryň ýanyna iberýärin. Sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diý. Emma ysraýyl halky seni diňlemek islemez, olar hatda Meni-de diňlemek islemeýärler; çünki bütin ysraýyl halky keçjal we doňýürekdir.
Выбор основного перевода