Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa ýene-de: «Men bu halkyň nähili boýnuýogyndygyny gördüm. Çünki men siziň nähili başbozar we boýnuýogyn halkdygyňyzy gowy bilýärin. Men entek dirikäm, siz Rebbe garşy pitne turuzýarsyňyz, ölenimden soň, siz, gör, näçe gezek pitne turzarsyňyz! Atalaryňyz ýaly boýnuýogyn bolmaň. Rebbe tabyn boluň, Onuň ebedilik mukaddes eden öýüne gelip, Hudaýyňyz Rebbe hyzmat ediň. Onsoň Onuň gazaby sizden sowlar. Ýa Reb, Seniň nazaryň hakykata dikilen dälmidir? Olary urduň, emma olar agyry duýmadylar. Olary heläk etdiň, emma olar ýüz öwürdiler dogry ýoldan. Olar ýüzlerini gaýadan-da gataldyp, yzlaryna dolanmak islemediler. Bu halk dikdüşdi we tekepbirdir. Men seni olaryň ýanyna iberýärin. Sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diý. Emma ysraýyl halky seni diňlemek islemez, olar hatda Meni-de diňlemek islemeýärler; çünki bütin ysraýyl halky keçjal we doňýürekdir. Seret, Men seni edil olar ýaly keçjal we doňýürek etdim. Seniň maňlaýyňy almaz ýaly çakmakdaşyndan hem gaty etdim. Olar pitneçi halkdyr, olardan gorkma, ýüzlerinden heder etme».
Выбор основного перевода