Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gündogardan dogry adamy aýaga galdyran kim? Ony hyzmatyna çagyran kim? Milletleri onuň eline berýär, patyşalary aýak astynda ezýär, olary gylyjy bilen tozana, sowrulan samana öwürýär ýaýy bilen. Ilki Siona: „Ine, olar!“ diýip aýan etdim, Iýerusalime habarçy ýolladym. Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin. «Geçmişdäkileri owaldan Men beýan etdim, Meniň agzymdan çykdy, Men olary bildirdim; duýdansyz şeýle etdim, olar berjaý boldy. Indi eşidenleriňiziň ählisini görüň; olary yglan etjek dälmisiňiz? Indiden beýläk size täze zatlary, siziň bilmeýän, gizlin zatlaryňyzy aýdaryn.
Выбор основного перевода