Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol biderek gep bilen, dereksiz sözler bilen dawa- -jenjel turzarmy? Şonda Taňry galkdy ukudan oýanan kimin, şerapdan aýňalmadyk bir erkek kimin. Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu. Rebbiň eli gysga däldir halas etmez ýaly, eşitmez ýaly gulagy-da agyr däldir. Ol dogrulygy sowut kimin geýindi, gutulyş tuwulgasyny başyna geýdi; öç alyş lybasyna bürendi, gazap donuny geýdi. Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr. Çünki Reb alaw bilen gelýär, söweş arabalary tüweleý dek, lowlaýan gazabyny, käýinjini ýalynly alaw kimin döker. Reb bütin adamzada otdur gylyjy bilen höküm eder, Rebbiň öldürenleri köp bolar.
Выбор основного перевода