Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbiň nazarynda dogry we gowy işler ediň, şonda gowy günler görersiňiz. Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna baryp, ony özüňize mülk edinersiňiz. Hizkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe bil baglady. Ýahudada öňki-soňky bolan ähli patyşalaryň arasynda onuň ýalysy ýokdy. Çünki Hizkiýa Rebbe wepaly bolup, hiç haçan Onuň yzyna eýermekden ýüz döndermedi we Rebbiň Musa beren tabşyryklaryny berjaý etdi. Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer. Seniň tabşyryklaryňy, düzgünleriňi, parzlaryňy – şularyň hemmesini berjaý eder ýaly, meniň taýýarlyk gören ybadathanamy gurary ýaly, oglum Süleýmana sadyk ýürek ber». Eý, Hudaýym, Seniň öýüň we onuň hyzmaty üçin eden oňat işlerimiň ählisini ýadyňa sal. Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz hem kämil boluň».
Выбор основного перевода