Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siriýa patyşasynyň emeldarlary oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyllaryň hudaýlary baýyrlaryň hudaýlary bolansoň, olar bizden güýçli çykdylar. Eger olar bilen düzlükde uruşsak, biz hökman olardan güýçli çykarys. Hudaýyň adamy Ysraýylyň patyşasynyň ýanyna gelip, Reb şeýle diýýär: «Siriýalylaryň: „Reb baýyr hudaýydyr, düz hudaýy däldir“ diýendikleri üçin, Men bu ägirt uly goşuny seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi. Indi siz özüňizi Hizkiýa aldatmaň, oňa özüňizi şu ýol bilen azaşdyrmaga ýol bermäň we oňa ynanmaň. Çünki hiç bir milletiň ýa-da patyşalygyň taňrysy öz halkyny meniň we ata-babalarymyň elinden halas edip bilen däldir. Siziň Hudaýyňyz-da sizi meniň elimden halas edip bilmez!» diýdiler. Hizkiýa: „Reb bizi hökman halas eder we bu şäher Aşur patyşasynyň eline berilmez“ diýip, size Rebbe bil baglatmasyn.
Выбор основного перевода