Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hizkiýa patyşanyň şalygynyň on dördünji ýylynda Aşur patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryna garşy hüjüm edip, olary basyp aldy. Aşur patyşasy serkerdebaşysyny, köşk emeldaryny we wezirini uly goşun bilen Lakyşdan Iýerusalime Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Olar Iýerusalime gelip, ýokarky howdanyň arygynyň ýanynda durdular. Bu aryk Çyrpyjy meýdanynyň ýolunda ýerleşýärdi. Olar patyşany çagyranlarynda, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary olaryň ýanyna bardylar. Hizkiýanyň ýanyna baryp, beýik Aşur patyşasy şeýle diýýär diýiň: «Sen nämä bil baglaýarsyň? Sen harby ukybyň we güýç-kuwwatyň gürrüňini edýärsiň, emma olar boş sözlerdir. Sen kime bil baglap, meniň garşyma gozgalaň turuzdyň? Seret, ine, sen döwük gamyş kysymly Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin şeýledir. Eger sen maňa: „Biz Hudaýymyz Rebbe bil baglaýarys“ diýseň, onda Hizkiýanyň Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: „Siz Iýerusalimde şu gurbanlyk sypasynyň öňünde sežde ediň“ diýip, onuň ýykan seždegähleri, gurbanlyk sypalary Hudaýyňky dälmi näme? Indi gel-de, meniň jenabym Aşur patyşasy bilen bäsleş. Eger-de men size iki müň sany at bersem, siz olara münmäge şonça adam tapyp bilersiňizmi? Onsoň siz nädip jenabymyň iň pes derejeli serkerdesini ýeňip biljek? Siz söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri bar diýip, Müsüre bil baglaýarsyňyzmy? Munuň üstesine-de, siz meni Rebden rugsatsyz bu ýurdy weýran etmäge gelendir öýdýärsiňizmi? Reb maňa şu ýurduň üstüne çoz-da, ony derbi-dagyn et diýdi». Onsoň Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna we Ýowa baş wezire şeýle diýdiler: «Haýyş edýäris, biz gullaryň bilen öz düşünýän dilimizde – arameýçe gürleş. Biziň bilen ýahudalaryň dilinde gürleşme, diwaryň üstündäki adamlar diňläp durlar». Emma baş wezir olara şeýle jogap berdi: «Jenabym meni bu sözleri diňe jenabyňyza we size aýtmak üçin ýolladymy näme? Diwaryň üstünde oturan adamlara aýtmak üçin hem ýollamadymy eýsem? Olar hem siziň ýaly öz nejasatlaryny iýip, öz peşewlerini içerler». Onsoň baş wezir dik durup, bar sesi bilen gygyryp, ýahuda dilinde gepledi. Ol: «Beýik patyşa bolan Aşur patyşasynyň sözüni diňläň. Patyşa şeýle diýýär: „Hizkiýa özüňizi aldatmaň! Ol sizi meniň elimden halas edip bilmez. Hizkiýa: ‘Reb bizi hökman halas eder we bu şäher Aşur patyşasynyň eline berilmez’ diýip, size Rebbe bil baglatmasyn. Hizkiýa gulak asmaň!“ Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Meniň bilen ýaraşyk ediň-de, meniň ýanyma geliň. Şonda her kim öz üzümçiliginiň hem-de injir daragtynyň miwesinden iýip, öz guýusyndan suw içer. Soňra men gelip, sizi öz ýurduňyza meňzeş bir ýurda alyp bararyn. Ol ýer bugdaý, şerap, çörek, üzümlik, zeýtun ýagy we bal mekanydyr. Şeýdip, siz ölmän, aman galarsyňyz. Hizkiýanyň: ‘Reb bizi halas eder’ diýip, aldamakçy bolýan sözlerine gulak asmaň. Haýsy milletleriň hudaýlary öz ýurduny Aşur patyşasynyň elinden halas edipdir? Hamadyň we Arpadyň hudaýlary nirede? Separwaýymyň, Henanyň we Ywahyň hudaýlary nirede? Samariýanyň hudaýlary olary meniň elimden halas etdilermi? Rebbiň Iýerusalimi meniň elimden halas ederi ýaly, bu hudaýlaryň arasynda öz ýurtlaryny meniň elimden halas edeni barmy?“» Emma halkdan ses çykmady, oňa jogap gaýtaran bolmady, çünki Hizkiýa patyşa: «Oňa jogap gaýtarmaň» diýip tabşyrypdy. Şeýdip, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary dagy ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna gelip, oňa baş weziriň sözlerini aýdyp berdiler. Hizkiýanyň eden wepaly işlerinden soň, Aşur patyşasy Sanherip gelip, Ýahuda çozuş edip, galalaryň garşysynda düşelge gurup, olary ele almagy ýüregine düwdi. Ýahuda patyşalary Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.
Выбор основного перевода