Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ynsan ogullarynyň içinde iň görmegeýi sen, merhemet saçylýar seniň diliňden; şoňa görä Hudaý seni baky ýalkady. Reb höküm sürýär, Ol şöwkete beslenen. Reb gudrata beslenen, ony guşanan – dünýä bina edilen, asla sarsmaz Ol. Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi». Ýa Reb, Sen milleti köpeltdiň! Milleti köpeldip, Özüňe şöhrat gazandyň; ýurduň ähli çäklerini giňeltdiň. Ine, patyşa dogrulyk bilen şalyk eder, hökümdarlar adalatlyk bilen höküm sürerler. Giň derýalardyr çeşmeleriň bolan ýerinde, şöhratly Reb biz bilen bolar, olardan ne kürekli gämiler, ne-de uly gämiler geçer. Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder. Gämileriňiň ýüpleri çözüldi, bogaldagy gaýym saklap bilmeýär, ýelkeni açyp bilmedi. Şonda köp oljalar paýlaşylar; hatda agsaklar-da olja talaň salar. Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi.
Выбор основного перевода