Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
maňa şeýle diýdiňiz: „Ine, Hudaýymyz Reb bize Öz şöhratyny we beýikligini görkezdi. Biz Onuň ot içinden çykýan sesini eşitdik. Bu gün biz Hudaý ynsan bilen gepleşse-de, ynsanyň diri galyp biljek ekendigini gördük. Pislik ot kimin ýanýar, çalydyr tikenleri ýalmaýar ol, tokaýyň gür ýerlerini tutaşdyrýar, tüsse al-asmana galýar. Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýurt ýanar, halky ot ýakyp-ýandyrar, hiç kim öz doganyna rehim etmez. Ine, Rebbiň Özi uzakdan gelýär, lowlaýan gazap bilen gara buludyň içindedir Ol; dodaklary gahardan doly, dili ýalmaýan ot kimindir. Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer. Eý, özlerine daýanýan aýallar titreşiň, eý, özlerine buýsanýan aýallar sandyraşyň, eşikleriňizi çykaryp atyp, biliňize jul baglaň! Çünki Reb alaw bilen gelýär, söweş arabalary tüweleý dek, lowlaýan gazabyny, käýinjini ýalynly alaw kimin döker. Tutuş ýygnagy we bu hakda eşidenleriň baryny uly gorky gurşap aldy. sebäbi Hudaýymyz ýakyp-ýandyryjy otdur.
Выбор основного перевода