Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken! Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn». Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gul--gyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler. Olar gylyçdan gaçdylar, syrylan gylyçdan, çekilen ýaýdan, agyr söweşden gaçdylar. Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken! Reb bütin adamzada otdur gylyjy bilen höküm eder, Rebbiň öldürenleri köp bolar.
Выбор основного перевода