Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy? Ýa Reb, gorka gapla milletleriň kalbyny, bilsin olar, özleriniň diňe ynsandyklaryny. Sela beýleki şalar ýaly jaýlanmarsyň; çünki sen öz ýurduňy weýran etdiň, öz halkyňy gyrdyň. Pislik edýänleriň nesli asla ýatlanmasyn! Hökmürowan Reb gulagyma: «Elbetde, ölýänçäňiz bu günäňizden saplanmarsyňyz» diýdi. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb diýýär. Bu-da Hökmürowan Rebdendir, Onuň maslahaty ajaýyp, paýhasy beýikdir. Şäherde surnaý çalnar-da, halkda gorky bolmazmy? Rebbiň Özi indermese, şähere bela gelermi? Iýip-de, öz iýýäni barada şübhelenýän adam eýýäm höküm edilendir, sebäbi ol öz imanyna görä hereket edýän däldir. Imana görä edilmedik zat günädir.
Выбор основного перевода