Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýaradany bilen dawalaşýanyň dat gününe! Ýeriň küýze döwükleriniň arasyndaky bir küýze döwügi! Toýun özüni şekil berýäne: «Näme ýasaýarsyň?» «Ýasan zadyň tutawajy ýok» diýermi ýa? Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Tur, küýzegäriň öýüne gir, sözlerimi şol ýerde saňa aýan ederin». Men küýzegäriň öýüne gitdim. Men onuň çarhyň başynda işläp oturanyny gördüm. Küýzegäriň toýundan ýasaýan küýzesi elinde döwlende, ol öz isleýşi ýaly palçykdan başga bir küýze ýasady. Onsoň maňa ýene Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Eý, ysraýyl halky, Men-de sizi bu küýzegäriň ýasaýşy ýaly ýasap bilmerinmi? Muny Men-Reb aýdýandyryn. Edil küýzegäriň elinde toýun nähili bolsa, siz hem Meniň elimde şeýlesiňiz, eý, ysraýyl halky! Onda menden: «Eger şeýle bolsa, onda näme üçin Hudaý adamlary ýazgarýar? Onuň islegine garşy çykyp biljek barmy?» diýip soramagyň mümkin. Heý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi? Eýsem küýzegäriň şol bir toýundan islän gabyny: birini toý-baýramlar üçin, beýlekisini gündelik işler üçin ýasamaga haky ýokmy näme?
Выбор основного перевода