Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut galany eýeledi we ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdy. Ol Millodan başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy. Ariýele garşy söweşýän ähli milletler, onuň we galalarynyň garşysyna söweşýänler, ony gysýanlar düýş kimin, gijeki görnüş kimin bolarlar. Düýşünde nahar iýen aç kişi, oýanansoňam aç bolýandyr, düýşünde suw içen teşne, oýanansoňam teşnedir. Sion dagyna garşy söweşýän ähli milletler topary-da şu ahwala düşer. Doňup galyň, gatap galyň! özüňizi kör ediň, göreçden galyň, serhoş boluň, ýöne şerapdan däl, entirekläň, ýöne çakyrdan däl. Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.
Выбор основного перевода