Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Düşegimde Seni ýatlan wagtymda, gijäniň nobatlarynda Sen hakda oýlananymda, janym ýilik bilen ýagdan doýan dek bolýar, şadyýan dilim bilen agzym Saňa öwgüler aýdar. Gurbanlyk soýdy, şerabyny häzirläp, saçagyny ýazdy. Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler. Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna – Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar. Reb milletler arasynda kazylyk eder, köp halklaryň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi. Ähli halklar, milletler we uruglar oňa gulluk etsinler diýip, oňa hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlykdyr. Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalykdyr». Size şuny-da aýdýaryn: gündogardan we günbatardan köp adamlar gelip, Ybraýym, Yshak, Ýakup bilen bile Gögüň Şalygynda bir saçagyň başynda oturarlar. «Gögüň Şalygy öz ogly üçin gelin toýuny tutan patyşa meňzeýändir. Patyşa ýene başga hyzmatkärleri iberip, olara: „Çagyrylanlara aýdyň, ine, men toý saçagyny taýýarlap goýdum. Öküzlerim, semiz mallarym soýuldy, ähli zat taýýar, toýa gelsinler“ diýýär. Isa hem oňa şeýle diýdi: «Bir adam uly meýlis gurap, birtopar adamy çagyrypdyr.
Выбор основного перевода