Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb meniň güýjüm hem aýdymym. Ol meniň Halasgärim boldy. Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn. Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin. Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy? Rebbe täze nagmany aýdyň, çünki Ol gudratly işleri etdi. Goly, mukaddes goly, Oňa ýeňiş getirdi. Rebbiň sadyk söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin. Olar halk jemagatynda Ony beýgeltsin, ýaşulular mejlisinde Ony şöhratlandyrsyn. Sen – meniň Hudaýym, Saňa şükürler etjek, Sen – meniň Hudaýym, men Seni beýgeltjek. Bu-da Hökmürowan Rebdendir, Onuň maslahaty ajaýyp, paýhasy beýikdir.
Выбор основного перевода