Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Indi näme üçin Niliň suwundan içmäge gidýärsiňiz Müsüre? Ýewfrat derýasyndan ganmaga gidýärsiňiz Aşura? Deňiz girelgelerinde mesgen tutan we her bir kenarýakasyndaky halklar bilen söwda eden Sur galasyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Sur, sen ‘Gözellik kämilligi mendirin!’ diýdiň. Seniň hökümdarlygyň beýik deňizlerdedir; seni bina edenler gözelligiňi aňrybaş derejesine ýetirdiler. Sen Senir dagynyň serwilerinden ýasalan uly gämi ýalydyň; saňa bogaldak etmek üçin Liwandan kedr agajyny getirdiler. Kürekleriňi Başan dublaryndan etdiler; tagtalaryňy Kipr adasynyň serwi agajyndan ýasap, piliň dişi bilen bezediler. Müsürden getirilen keşdeli nepis zygyr matalar seniň ýelkeniňdi, olar saňa baýdak bolup hyzmat ederdi. Elişa kenarynyň mawy we gyrmyzy matasy seniň ýapynjaňdy. Sidon we Arwat ilaty seniň kürekçileriňdi. Eý, Sur, sende akyldarlar bardy, olar seniň gämiçileriňdi. Gebalyň garrylary we akyldarlary sende bolup, jaýryklaryňy suwaýardylar. Harytlaryňy alyş-çalyş etmek üçin ähli gämiler deňizçileri bilen sendediler. Pars, Lut we Put seniň urşujylaryňdy; olar galkanlary bilen demir tuwulgalaryny diwaryňdan asardylar; olar saňa şöhrat getirerdiler. Arwatlylar we heýlekliler töwerek-daşyňdaky diwarlaryňyň, gammatlylar bolsa diňleriňiň üstündediler. Olar galkanlaryny diwarlaryňyň töwerek-daşyndan asyp, gözelligiňi aňrybaşa ýetirerdiler. Baýlygyňyň köpdügi üçin Tarşyş seniň bilen söwda etdi; harytlaryňyň deregine kümüş, demir, galaýy we gurşun bererdi. Ýawan, Tubal we Meşek seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine gullar we bürünç gaplar bererdiler. Togarma halky seniň harytlaryňyň deregine ýabylary, uruş atlaryny we gatyrlary bererdi. Dedanlylar seniň söwdagäriňdiler; köp kenarlaryň söwda gatnaşygy seniň eliňdedi; olar senden alan harytlarynyň deregine piliň dişi we eben agajy bilen hasaplaşardylar. Söwdaňyň köpdügi üçin Siriýa seniň bilen söwda etdi; olar seniň harytlaryňyň deregine zümerret, gyrmyzy we keşdeli matalar, nepis zygyr mata, merjen we ýakut bererdiler. Ýahuda bilen Ysraýyl ýurdy seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine Minnit bugdaýyny, un, bal, ýag we melhem bererdiler. Söwdaňyň we baýlygyňyň köpdügi üçin Damask hem seniň bilen söwda etdi; ol Helbon şerabyny we ak ýüň getirerdi. Uzal ýurdundan gelen Dan we Ýawan harytlaryňyň deregine ýüplük bererdiler; alyş-çalyş harytlaryňyň arasynda bolsa işlenen demir, dalçyn we hoşboý ysly gamyş bardy. Dedan at münmäge gerekli bolan eýerlik atkeçeleri bilen söwda ederdi. Arabystan we bütin Kedar hökümdarlary seniň iň gadyrly müşderileriňdi; olar guzular, goçlar we erkeçler getirip, seniň bilen söwda etdiler. Şebanyň we Ragamanyň täjirleri seniň söwdagäriňdiler; olar harytlaryňyň deregine ähli atyrlaryň seresini, her hili gymmatbaha daşlar we altyn bererdiler. Haran, Kanne, Eden, Şeba täjirleri, Aşur we Kilmat seniň söwdagäriňdiler.
Выбор основного перевода