Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Kitimden gämiler gelip, Aşur bilen Eberi gulçulykda ezerler, olaryň yzy hem müdimilik ýiter». Ol diýdi: «Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy, sen indi şatlanmarsyň. Bar, Kipre git, ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz». ähli Sur hem Sidon patyşalary bilen deňziň aňyrsyndaky halklaryň patyşalaryna; Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn. Çünki siz Meniň altyn-kümşümi, saýlama hazynamy buthanalaryňyza äkitdiňiz. Siz Ýahuda we Iýerusalim halklaryny öz çäklerinden uzaklaşdyryp, olary grek halkyna satdyňyz. Indi bolsa olary şol ýerden aýaga galdyryp, edenleriňizi öz başyňyza salýan Mendirin. Men siziň oguldyr gyzlaryňyzy Ýahuda halkyna sataryn, ol hem siziň çagalaryňyzy uzakdaky Şebalylara satar». Muny Reb aýtdy. Reb şeýle diýýär: «Men surlulary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar doganlyk ähtini unudyp, tutuş jemagaty Edoma gul edip satdylar. Muňa görä Sur diwaryna ot ýagdyraryn, ot onuň galalaryny ýakyp kül eder». Bu söz Hadrak bilen araçäkdeş bolan Hamat ýurduna, juda parasatly Sur bilen Sidon şäherlerine hem degişlidir. Sur özüne berkitme gurdy, gum kimin kümüş, köçe hapasy ýaly altyn üýşürdi. Emma Reb onuň bar ýygnanjasyny elinden alar indi. Deňizdäki güýjüni ýok eder, şäheri ot ýalmap-ýuwudar.
Выбор основного перевода