Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ine, Aşur Liwanda owadan şahaly, tokaý saýaly kedr agajydy. Onuň boýy uzyndy, başy bulutlarda ýerleşýärdi. gelmişek milletleriň iň rehimsizi ony kesip taşlap ret etdi. Şahalary daglaryň üstüne we tutuş derelere düşüp, pudaklary çapylyp, ýurduň ähli jülgelerine taşlandy. Dünýäniň ähli halklary onuň kölegesinden gitdiler, ony terk etdiler. Gögüň ähli guşlary onuň döwlen böleklerinde mesgen tutýarlar, meýdanyň ähli haýwanlary onuň şahalarynyň arasynda ýerleşýärler. Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez». Ol gögerip, pessejik boýly ýaýraň üzüm agajyna öwrüldi, şahalary özüne tarap egildi, kökleri öz astyndady. Şeýdip, bu üzüm agajy boldy, şahalady, pudak çykardy. Uly ganatly we köp ýelekli başga bir äpet bürgüt bardy. Ine, ýaňky üzüm agajy öz ekilen keşinden oňa tarap köklerini egreltdi. Suwarsyn diýip, şahalaryny oňa tarap sallady. Ol şahalap, miwe berip, oňat üzüm agajy bolar ýaly, bol suwlar ýakasyndaky hasylly meýdanda ekilipdi“». Ysraýyla Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ol üzüm şahasy boý alyp ösermi? Birinji bürgüt täze baldaklary gurasyn diýip, köklerini sogurmazmy, miwesini ýolmazmy? Kökünden sogurmak üçin güýçli gol ýa-da beýik goşun gerek bolmaz ahyryn. Ol ekilse-de, boý alyp ösermi? Gündogar şemaly uranda bütinleý guramazmy? Öz gögeren keşlerinde solmazmy?»
Выбор основного перевода