Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol aýal çagasyny mundan artyk gizlin saklap bilmejekdigine göz ýetirip, onuň üçin gamyşdan örülen sebet aldy-da, onuň daşyny suw geçmez ýaly şepbik bilen örtdi. Ol çagany şol sebediň içinde ýatyryp, ony derýanyň gyrasyndaky suwda ösüp oturan gamyşlaryň arasynda ýerleşdirdi. Rehabgamyň patyşalygynyň bäşinji ýylynda Ysraýylyň Rebbe biwepalyk edendigi zerarly, Müsür patyşasy Şişak bir müň iki ýüz söweş arabasy we altmyş müň söweş arabaly esgerleri bilen Iýerusalimiň üstüne çozdy. Şişak bilen Müsürden gelenler: liwiýalylar, sukkiler we efiopiýalylar san-sajaksyzdy. Rehabgamyň patyşalygynyň bäşinji ýylynda Ysraýylyň Rebbe biwepalyk edendigi zerarly, Müsür patyşasy Şişak bir müň iki ýüz söweş arabasy we altmyş müň söweş arabaly esgerleri bilen Iýerusalimiň üstüne çozdy. Şişak bilen Müsürden gelenler: liwiýalylar, sukkiler we efiopiýalylar san-sajaksyzdy. Şişak Ýahudanyň berkidilen galalaryny basyp alyp, Iýerusalime çenli geldi. Efiopiýaly Zera müňlerçe esgeri we üç ýüz söweş arabasy bilen Asa garşy çykyp, Mareşa çenli geldi. Efiopiýalylar we liwiýalylar biçak köp söweş arabaly we sansyz-sajaksyz söweş arabaly esgerleri bolan goşun dälmidi? Emma Rebbe bil baglandygyňyz üçin, Reb olary siziň eliňize berdi. Şol wagt ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millet, her ýana gorky saçan halk, haýbatly hem basybalyjy millet, Hökmürowan Rebbe, Hökmürowan Rebbiň adyny goýan ýere, Sion dagyna sowgatlar getirer.
Выбор основного перевода