Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Duşmanyň üzüm çybygy Sodom çybygyndan, Gomora baglaryndandyr. Üzümleri zäher-zakgun, salkymlary ajydyr. Taňra alkyş bolsun! Ol her günki ýükümizi göterýär. Hudaý bizi halas eýleýär. Sela Olar Hudaýy – Müsürde beýik işleri, Ham ýurdunda gudratlary işleri, Gyzyl deňizde haýbatly işleri eden Halasgärlerini ýatdan çykardy. Rebbe ebedilik bil bagla, çünki Beýik Hudaý ebedi Gaýadyr. Mukaddes baýram bellenýän gijesindäki dek aýdym aýdarsyňyz; Rebbiň dagyna, Ysraýylyň Gaýasyna tüýdük çalyp çykýan dek, ýüregiňiz şatlanar. Sizi ýaradan, gökleri ýaýradan, ýeriň düýbüni tutan Rebbi unutdyňyz. Sizi ýok etmek niýetinde bolan zulumkäriň gazabyndan uzakly gün gorkýarsyňyz. Hany, zulumkäriň gazaby nirede? Ol: «Gökdäki Atamyň ekmedik her bir ösümligi köki bilen sogrular.
Выбор основного перевода