Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Aşur patyşasy Ahazyň sözüne gulak asdy. Aşur patyşasy Damaska garşy hüjüm edip, ony basyp aldy-da, ilatynyň baryny Kire ýesir edip äkitdi we Resini öldürdi. Damask Siriýanyň paýtagtydyr, Resin Damaskyň baştutanydyr. Halk bolmakdan galar Efraýym, altmyş bäş ýylyň içinde synyp. Çaga „kaka“, „eje“ diýmegi öwrenmezden öň, Damaskyň we Samariýanyň baýlygyny Aşur patyşasy olja alar» diýdi. Kalno şäheri Karkemiş kimin dälmi? Arpat kimin dälmi Hamat? Samariýa Damask kimin dälmi? Damask hakynda pygamberlik: «Hamat we Arpat utandy, erbet habary eşidip, gorkudan titreşdi, tolkun atýan deňiz kimin ikiýana alakjap yrandylar. Damask mejalsyz galdy, gaçjak bolup öwrülende, ony gorky gaplady. Çaga dogurýan aýal kimin ony sanjy we agyry tutdy. „Wah, neçün şatlygymyň mekany bolan bu şöhratly şäher abat galmady?!“ Munuň üçin ýaş ýigitleri meýdançalarda heläk bolar, onuň ähli urşujylary ol gün dymdyrylar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Damask diwaryny oda ýakaryn, ot Benhadadyň galalaryny ýakyp ýok eder». Reb şeýle diýýär: «Men damasklylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki demir dişli döweklerde gilgat halkyny ýençdiler olar. Muňa görä Hazaýylyň köşgüne ot ýagdyraryn, ot Benhadadyň galalaryny ýakyp kül eder. Damaskyň derwezesiniň kiltlerini döwerin, Awen jülgesiniň hökümdaryny, Beýtedende eli şa hasaly hökümdary ýok ederin. Siriýa halky Kir ýurduna ýesir edip äkidiler». Muny Reb aýdýandyr. Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Hadrak ýurduna degişli sözüdir. Bu söz Damask şäherinde galar. Rebbe degişlidir Siriýa şäherleri we ysraýyl tireleri.
Выбор основного перевода