Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakup: «Men göçüp-gonup ýüz otuz ýyl ýaşadym. Durmuşym gysga hem agyr boldy. Meniň ömrüm göçüp-gonup ýaşan ata-babalarymyňky ýaly uzak bolmady» diýdi. Biz Seniň öňüňde ata-babalarymyz ýaly gelmişek hem-de mysapyrdyrys. Biziň ýerdäki durmuşymyz edil kölege ýalydyr, umytsyzdyr. Günlerim dokmaçynyň mäkisinden çalt, olar umytsyzlykda geçip barýar. «Ynsandan doglan ynsanyň ömri gysga, derdi köp bolýandyr. Ol gül kimin açylýar, solýar, kölege kimin ýitýär, yz galmaýar. Gaýgydan ýaňa gözüm küteldi, on iki synam çöpe döndi. Agşam kölegesi deý meniň günlerim, men ot kimin saralyp soldum. Şoňa görä, ruhum sustlandy, meniň ýüregim sarsdy. Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň, Günüň astynda näme boljakdygyny ynsana kim aýdyp biler?
Выбор основного перевода