Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýa Reb, Seniň terbiýeleýän ynsanyň, Öz kanunyňy öwredýän ynsanyň nähili bagtly! Rebbiň terbiýesini terk etme, oglum. Onuň käýinjine gysynma. Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi. Üstesine-de, Hudaýyň size Öz perzentleri hökmünde aýdan bu öwüt-nesihatyny-da unutdyňyz: «Oglum, Rebbiň terbiýesine biperwaý bolma, Onuň käýinjine ruhdan düşme. Çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir, kabul eden perzendine temmi berýändir». Terbiýelenmekde çydamly boluň. Çünki Hudaý sizi Öz perzentleri kimin terbiýeleýär. Eýsem, haýsy ogla atasy terbiýe bermeýär? Eger Hudaý sizi hemmeleri terbiýeleýşi ýaly terbiýelemese, onda siz Hudaýyň perzendi däl-de, çöp düýbüsiňiz. Mundan başga-da, bize terbiýe beren dünýewi atalarymyz bardy, biz olara hormat goýýarys. Eger şeýdýän bolsak, ruhy Atamyza has-da berk tabyn bolup ýaşamaly dälmi? Atalarymyz bize öz bilişlerine görä, gysga wagtlyk terbiýe beripdiler. Hudaý bolsa biziň hem Onuň ýaly päk bolup bilmegimiz üçin bize terbiýe berilýär. Adam terbiýe alanda şatlanmaýar, gaýtam, agyry çekýär. Emma şeýle terbiýe alandan soňra, ol dogrulykda we parahatlykda ýaşaýandyr. Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!
Выбор основного перевода