Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eýýubyň üç dosty: teýmanly Elipaz, şuwaly Bildat we nagamly Sopar onuň başyna düşen belalar hakynda eşidip, öz bolýan ýerlerinden ýola düşdüler. Olar Eýýuba duýgudaşlyk bildirip, göwnüne teselli bermäge gitmek üçin duşuşdylar. Teýmanly Elipaz söze başlap, şeýle diýdi: Goý, duşmanlarym erbetleriň gününe, garşydaşlarym pisleriň gününe düşsün! Elihu Eýýubyň üç dostuna-da gaty gaharlandy, çünki olar dogry jogap tapmansoňlar, Hudaý günäkär ýaly bolup göründi. Onsoň Eýýup Rebbe şeýle jogap berdi: «Men bilýän, Seniň eliňden hemme zat gelýär, göwnüňe gelen zady amala aşyrýaň. Nesihatyňy garalajak barmy? Şonuň üçinem men düşünmedik, asla akyl ýetirip bilmedik zatlarym barada gepledim. Indi maňa gulak assana, men geplejek, Senden soraýyn, maňa jogap bersene. Sen hakda gulagym bilen eşidipdim, indi Seni öz gözlerim bilen gördüm. Munuň üçin özümi ýigrenip, başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin».
Выбор основного перевода