Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
diňe şonda Hudaýyňyz Reb size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp berer we rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar. Öňüň ujypsyz-da bolsa, soňuň beýik bolar. Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi! Reb halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende, Ýakup nesli begener, Ysraýyl hem şatlanar. Reb Sionyň abadanlygyny gaýtaranda, bu bize bir düýş kimin göründi. Utanç deregine iki esse paý alarsyňyz, ryswalyk deregine mirasyňyzda şatlanarsyňyz; munuň üçin siz iki esse mülkli bolarsyňyz, ebedi şatlyk siziňki bolar. lowlaýan ody öçürdiler, gylyjyň tygyndan gaçyp gutuldylar, ejiz bolsalar hem güýçden doldular, söweşde kuwwatlanyp, keseki goşunlary derbi-dagyn etdiler. bu döwürde çekjek azaplary bilen birlikde, yzyna ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, ene-atalar, çagalar, mülk ýerler almajak adam ýokdur. Geljek döwürde olar baky ýaşaýşa gowşarlar.
Выбор основного перевода