Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Haýbatly demiňden, suw dik ýokary galdy. Tolkunlar diwar ýaly bolup, çuň deňziň düýbi daş dek gatady. Şonda Rebbiň käýinjinden, burnundan çykan deminden ýaňa deňziň geçelgeleri göründi, dünýäniň-de binýatlary açyldy. Şonda, ýa Reb, Seniň käýinjiňden, burnuňdan çykan demiňden ýaňa, deňziň geçelgeleri göründi, dünýäniň-de binýatlary açyldy. Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys, duşmanlarymyzy depelejek Oldur. Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer. Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi. bikanun adam peýda bolar. Reb Isa agzynyň demi bilen, Öz gelşiniň şanly şöwketi bilen ony ýok eder.
Выбор основного перевода