Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýadyňa sal! Sen meni toprakdan ýaratdyň, indi ýene-de topraga öwürjekmi meni? Ynsan bir çüýrän zat, güýe degen eşik kimin dargaýar». Olar wagtyndan öň ýygnaldylar, düýplerini suw aldy. Hudaýyň huzurynda menem edil seniň ýalydyryn, menem toprakdan ýaradyldym. Şonda-da Atamyz Sensiň, ýa Reb, biz toýundyrys, Sen küýzegärimiz, Seniň eliňiň işidiris ählimiz. Biz hazynalary özünde saklaýan toýun küýzeler kimindiris. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp gudratyň bizden däl-de, Hudaýdandygy äşgärdir. Biziň şindi ýaşaýan pany çadyrymyz, ýagny bedenimiz her haçan weýran bolsa-da, gökde el bilen ýasalmadyk, Hudaýyň taýynlan baky mesgenimiziň bardygyny bilýäris.
Выбор основного перевода