Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyň güýji ýaly güýjüň barmy? Onuňky ýaly güňleç sesiň barmy? Reb göklerde güňleç gürledi, Beýik Hudaý sesini közdür doly bilen çykardy. Rebbiň sesi suwlaryň ýüzünde, Hudaýyň şöhraty gümmürdeýär, Reb ummasyz suwlardan üstündir. Rebbiň sesi kuwwatlydyr, Rebbiň sesi şan-şöhratlydyr. Rebbiň sesi kedr agaçlaryny döwýär, Reb Liwan kedrlerini owradýar. Ol Liwan dagyny göle deý, Sirýon dagyny-da ýabany öküzçe deý bökdürýär. Rebbiň sesi ýyldyrymlar çakdyrýar. Rebbiň sesi çöli sarsdyrýar, Reb Kadeş çölüni sarsdyrýar. Rebbiň sesi keýikleri guzladýar, tokaýlary ýalaňaçlaýar; Onuň ybadathanasynda hemmeler «Hudaýa şöhrat!» diýýär. Eý, ýer ýüzündäki şalyklar! Hudaýa nagmalar aýdyň, Taňra, ezelden bar bolan göge Münýäne, alkyşlar aýdyň. Diňläň, ine, Ol sesi, gudratly sesi bilen seslenýär.
Выбор основного перевода