Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ine, ertir şu wagtlar Men Müsüriň taryhynda asla görlüp-eşidilmedik güýçli doly ýagdyrjakdyryn. Şundan soň, Musa hasasyny asmana uzatdy we Reb gök gürledip doly ýagdyrdy, ýyldyrym çakyp, ýere ot düşdi. Şeýdip, Reb Müsürde güýçli doly ýagdyrdy. Soňra Şamuwel Rebbi çagyrdy; Reb şol gün ýagyş ýagdyrdy we gögi gümmürdetdi. Adamlar Rebden we Şamuwelden juda gorkdular. Olar Şamuwele şeýle diýdiler: «Öz gullaryňyň aman galmagy üçin, Hudaýyň Rebbe dileg et. Biz şu pis iş, ýagny özümize patyşa talap etmek bilen öz günämizi has-da agraldypdyrys». Bir salymdan soň asmanyň ýüzüni gara bulut büräp, ýel turup, güýçli ýagyş ýagdy. Ahap arabasyna münüp, Ýizregel galasyna gitdi. Onsoň Ýahudanyň we Benýaminiň ähli adamlary üç günüň içinde Iýerusalime ýygnandylar. Bu dokuzynjy aýyň ýigriminji günüdi. Ähli adamlar bu işiň wajyplygyndan we güýçli ýagyşdan ýaňa galpyldaşyp, Hudaýyň ybadathanasynyň öňündäki açyk meýdançada oturdylar. Hudaý halky şeýle dolandyrýar, olary bolelin iýmit bilen üpjün edýär. Olary betbagtly günler üçin, gowga we söweş günleri üçin saklaýaryn. Ynsanyň aýak basmadyk ýerine, ýaşalmaýan çöle ýagyş ýagsyn, haraba öwrülen çöl suwdan ganyp, ol ýerde ot bitsin diýip, ýagyş akymlary üçin ýaby, ýyldyrymlara ýol açan kim? Ynsanyň aýak basmadyk ýerine, ýaşalmaýan çöle ýagyş ýagsyn, haraba öwrülen çöl suwdan ganyp, ol ýerde ot bitsin diýip, ýagyş akymlary üçin ýaby, ýyldyrymlara ýol açan kim?
Выбор основного перевода