Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Us ýurdunda Eýýup atly bir adam bardy. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdy. Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýandyr öýdýäňmi? Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň. Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?» Reb şeýtana: «Bolýar, goý, Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi. Eýýubyň aýaly oňa: «Entegem päkligiňi mäkäm saklap ýörmüsiň? Hudaýy näletle-de, öl» diýdi. Ol başyma harasat inderýär, nähak ýere ýaralarymy artdyrýar Ol. Sizi aklamaryn asla, tä ölýänçäm, päkligimde galaryn. Dogrulygymy pugta saklaryn, goýbermen, ömürboýy paş etmez meni wyždanym.
Выбор основного перевода