Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol: «Ýalaňaç indim bu dünýä, ýalaňaç-da dolanaryn o dünýä. Beren-de Rebdir, alan-da Rebdir. Goý, Rebbiň adyna alkyş bolsun!» diýdi. Eýýup bu agyr muşakgatlyklaryň astynda-da, Hudaýy ýazgaryp, günä etmedi. Diýdim: «Dilimden günä galmazlyk üçin, ýörejek ýolumy saýgarjakdyryn; erbetler meniň garşymda durka agzymy jylawlap saklajakdyryn». Ýa Reb, ýatla duşmanyň ýaňsylaýşyny, akmak halkyň Seniň adyňy har edişini. Eý, Hudaý, galk-da, dawaň üçin dawalaş, akmagyň günuzyn Seni ýaňsylaýşyny ýatla. Ýagşy günde şat bol, gara günde muny ýatla: ynsan özünden soň näme boljagyny bilmesin diýip, Hudaý ýagşylygy-da, betbagtlygy-da ýaratdy. Eý, doganlar, başyna düşen ejirlerde sabyr-takatly bolup, Rebbiň adyndan geplän pygamberlerden görelde alyň. Bilşiňiz ýaly, biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygy hakda eşidensiňiz, iň soňunda onuň üçin Rebbiň nämeler edendigini-de bilýänsiňiz. Hawa, Reb merhemetli we rehim-şepagatlydyr.
Выбор основного перевода