Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol akyla sygmajak, beýik işleri edýär, san-sajaksyz gudratlary görkezýär. Reb beýik, Ol çensiz öwgä mynasyp, Onuň beýikligi ynsan aňyna sygmaz. Hudaý ähli zady öz wagtynda gözel etdi. Şeýle hem ebediligi ynsanyň ýüregine saldy, ýöne şonda-da olar Hudaýyň owaldan ahyra çenli eden işini aňlap bilmezler. Şeýdip, Hudaýyň ähli işlerini gördüm. Günüň astynda edilýän işlere düşünip bolmaýar. Ynsan ony agtarjak bolup, näçe synanyşsa-da, tapmaz, hatda dana adam muny bilýändigini aýtsa-da, tapyp bilmez. Hudaýyň baýlygy, danalygy we bilimi ummasyzdyr! Onuň hökümlerini kim düşündirip biler? Onuň ýollaryna kim akyl ýetirip biler? Ynsanyň pikirlerini onuň içindäki öz ruhundan başga hiç kim bilmeýär. Hudaý babatda hem şeýle: Onuň Öz Ruhundan başga hiç kim Hudaýyň pikirlerini bilýän däldir.
Выбор основного перевода