Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol halklaryň arasynda siz janyňyza aram tapmarsyňyz we aýagyňyzyň dynjyny almaga ýer tapylmaz. Ol ýerde Reb size bükgüldeýän ýürek, kütelen gözler we synan göwün berer. Hudaýy unudan her kesiň soňy-da şeýle gutarar, hudaýsyzyň umydy öler. suwlar daşlaryň ýüzüni ýalmaýar, siller ýeriň topragyny syryp äkidýär, Sen hem ynsanlaryň umydyny şeýle ýok edýärsiň. Para üçin dostlaryny satýanlaryň çagalarynyň gözleri kör bolar. Ýedi çagaly aýal demi-demine ýetmän jan berdi. Onuň güneşi gündiziň güni ýaşdy, ol utanja galyp, masgara boldy. Galanlaryny bolsa duşmanlarynyň öňünde gylyja tabşyraryn». Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода