Dawut: «Çaga dirikä, agyz bekledim, agladym. Sebäbi men: „Kim bilýär, belki, Reb maňa rehim eder, çaga gutular“ diýip oýlanypdym.
Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köp sanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz – çydajak barmy?